Amerikadaky kitaphana 82 ýyl öň alnan kitaby gaýdyp berdiler diýip, UPI neşiri gürrüň berýär.
«Siziň çagaňyz, onuň maşgalasy we dostlary» atly kitap Tehas ştatynyň San-Antoniodaky kitaphanasyna gaýtarylyp berildi. Ony okamaga 1943-nji ýylyň iýulynda alypdyrlar. Yzyna bolsa 28 günde gaýdyp berilmeli ekeni. Emma kitaphana ony şu ýylyň iýunynda Oregondan poçta üsti bilen alypdyr. Kitabyň ýanynda goşulan hatda iberiji kitabyň kakasynyň goş-golamlarynyň arasyndan tapylandygyny ýazypdyr. Ol kitaby garry enesi okamaga alan bolmaly diýip hasaplaýar. Hatyň awtory şeýle-de «kitabyň gijikdirilip iberilendigi üçin jerime salynmazlygyna umyt edýändigini» ýazýar.
UPI neşiri 2021-nji ýylda kitaphananyň möhletinden gijikdirilip getirilen kitaplar üçin jerimeleri ýatyrandygyny habar berýär.
