«The Beatles» britan toparynyň öň çykarylmadyk 13 aýdymy «Anthology 4» atly täze ýadygärlik alboma giriziler diýip, «Sky News» teleýaýlymyna salgylanýan «MIR 24» habar berdi.
Aýdym-saz topary öň «Saz sungatynyň ösüşine goşant uly goşandy üçin» (1977ý we 1983ý), «Iň gowy britan topary» (1977 ý), «Iň gowy britan aýdymy» (1977 ý), ýaly ugurlar boýunça BRIT Awards baýragyna mynasyp boldy.
«Anthology 4» albomyna seýrek aýdym-sazlar giriziler. Olaryň doly sanawy we haçan satuwa çykjakdygy heniz belli däl.
Ýylyň başynda «The Beatles» toparynyň Beýik Britaniýada pop-saz ugry boýunça her ýyl gowşurylýan BRIT Awards baýragyna dalaşgärlige hödürlenendigi belli boldy.
