Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Üznüksiz hünärmen bilimi boýunça lukmançylyk akademiýasynyň wirusologiýa kafedrasynyň müdiri Ýelena Malinnikowa koronawirusyň täze peýda bolan «stratus» görnüşiniň nä derejede howpludygyny düşündirdi. Bu barada RT teleýaýlymyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
Hünärmeniň sözlerine görä, täze görnüş ilkinji gezek 2025-nji ýylyň ýanwarynda anyklandy we iýunda dünýäniň 32 ýurdunda işjeň ýaýrap başlady.
Malinnikowa täze görnüşiň serhetlerden çalt geçýändigini habar berdi. Kesel şeýle hem ýiti öýken-dem alyş ýokançlarynyň alamatlaryna sebäp bolýar. Emma görnüşiň keseliň has howply töwekgelçilikleri döredýändigi barada maglumatlar ýok.
Russiýaly hünärmen ýokanjyň aýratyn hem immuniteti pes we ötüşen keselli, şeýle-de gartaşan adamlar üçin howpludygyny belledi.
