Ýakynda «Ylym» neşirýaty tarapyndan ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin «Umumy sungat taryhy» atly täze okuw kitaby çapdan çykdy. Bu kitap «Binagärlik», «Binagärlik gurşawynyň dizaýny» hem-de «Şähergurluşyk we ilatly ýerleri meýilleşdirmek» ýaly hünärler boýunça bilim alýan talyplar üçin niýetlenendir.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi sahypasynda berlen maglumata görä, kitabyň awtorlary — B. Mämmedow, Ä. Gubaýewa, G. Jumaýew.
Okuw kitabynda dürli sungat görnüşleriniň taryhy taýdan ösüşi beýan edilýär.
Kitaby taýýarlamakda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, döwlet habar beriş serişdelerinden alnan maglumatlar, şeýle hem daşary ýurt alymlarynyň edebiýatlary ulanyldy —diýip, çeşme belleýär.
