25-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar we halkara syýasy arenada özara hyzmatdaşlyk etmegiň ähmiýetini bellediler.
Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda gol çekilen iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna laýyklykda Daşary işler ministrleri derejesinde gepleşikleri we özara gatnaşyklary öz içine almak bilen işjeň syýasy dialogy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
