Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin şu hepdede dört günlük iş sapary bilen Hytaýda bolar. Onuň dowamynda iki ýurduň wekilçilikli toparlarynyň arasynda giň göwrümli gepleşikler göz öňünde tutulýar diýip, TASS habar berdi.
Rus Lideri Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň Týanszin şäherinde 31-nji awgust-1-nji sentýabr aralygynda geçjek sammitine gatnaşmakçy. Sammitiň işine daşary ýurt döwletleriniň 20-den gowragynyň Baştutanlary hem-de 10 halkara guramanyň ýolbaşçylary gatnaşar.
