Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa şenbe güni Hytaý Halk Respublikasynyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň Başlygynyň orunbasary, ŞHG-niň hoşniýetlilik, dostluk we hyzmatdaşlyk komitetiniň başlygy hanym Şen Ýueýue bilen duşuşdy. Bu barada «Sinhua» habar berdi.
Duşuşykda taraplar köp sanly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselesi boýunça pikir alyşdylar. Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň gazanan möhüm şertnamalarynyň ýerine ýetirilmegine, şeýle hem türkmen-hytaý dostlugyny berkitmäge aýratyn üns berildi.
Gepleşiklere gatnaşyjylar aýal-gyzlary we çagalary goramak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, ŞHG komitetiniň Türkmenistan bilen hökümete dahylsyz alyş-çalyş meselesinde hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk baradaky işine garaldy.
