Almaty şäherinde kompýuter boýunça hünärmen gyzlar topary türki rowaýatlaryň äheňinde kompýuter oýnuny döretdiler diýip, «MIR 24» habar berýär.
Oýnuň wakalary XV asyrda bolup geçýär. Baş gahryman gyz Baýan öz kiçi gyz doganyny tapmaly. Ony gadymy rowaýatlardaky betpäl ogurlapdyr. Onuň garşysyna iň täsirli ýarag bolsa, şangopuz – gadymy saz guraly.
Bu barada oýnuň düzüjileriniň biri Nazym Jumabaýewa gürrüň berýär: «Gadymyýetde şangopuzyň elhenç mahluklary gorkuzýandygyna we köşeşdirýändigine ynanypdyrlar. Ol örän kiçijik bolansoň, ýanyň bilen islän ýeriňe äkidip bolýar».
Oýnuň gahrymanlaryny janlandyrmak üçin dizaýnçylar köp wagtlaryny kitaphanalarda geçiripdirler. Olar geljekde oýna Želaýak, Tausogar ýaly oňat gahrymanlary-da goşmakçy.
Oýny daşary ýurtlular hem oýnap bilýärler. Ol üç dilde: gazakça, rusça we iňlisçe diýlip, habarda bellenýär.
