Aleksandriýa şäherinde alymlar Ortaýer deňziniň düýbünden gadymy heýkelleri we beýleki taryhy gymmatlyklary çykardylar. Bu tapyndylar gülläp ösen Tonis-Geraklion şäheriniň taryhyny öwrenmäge hem-de onuň birdenkä pese düşmegine düşünmäge mümkinçilik berýär diýip, «tagesschau.de» portaly gürrüň berýär.
Müsüriň Gadymylyklar boýunça ýokary geňeşiniň başlygy Mohamed Ismail Halediň sözlerine görä, bu 2001-nji ýyldan bäri Tonis-Geraklion şäheriniň eteklerini öwrenmek boýunça taslamanyň çäklerindäki ilkinji üstünlikdir.

Tapyndylaryň arasynda boýy 2,17 metr bolan başsyz we aýaksyz granit heýkel hem bar. Ýygnalan görnüşde onuň boýy bäş metre ýetýär. Arheologlar şeýle hem gadymy gäminiň galyndylaryny tapdylar.
Hünärmenleriň pikiriçe, sebit Ptolomeýler eýýamynda Aleksandriýa şäheri esaslandyrylýança ýa-da Aleksandr Makedoniýalynyň döwründen tä rim döwrüne çenli gülläp ösüpdir. 1900-njy ýyllarda üsti açylan şäher biziň eýýamymyza çenli ikinji asyrda ýertitreme netijesinde ýumrulyp suwa gark bolupdyr.
Tonis-Geraklion şäheri 331-nji ýylda Aleksandriýa şäheri gurulýança, Müsüriň deňiz söwdasynda wajyp orny eýeläpdir.
