Rajkumar Hiraniniň «Üç tentek» atly meşhur filminde professoryň keşbini döreden aktýor Açýut Potdar aradan çykdy. Onuň 91 ýaşynyň dolmagyna dört gün galypdy diýip, «Times of India» neşirine salgylanýan «rbc.ru» habar berdi.
Aktýor saglygynyň ýaramazlaşmagy sebäpli hassahana eltildi, emma lukmanlara ony halas etmek başartmady. Potdaryň ölüminiň sebäbi agzalmaýar.
Potdar hindi we marathi kinosynyň 125 filminde surata düşdi. Onuň iň meşhur filmleriniň arasynda «Üç tentek», «Ýeňiji», «Maslykçy guşlar», «Ýaralynyň sesi», «Agsak Selim üçin aglamaň» görkezilýär.
