Burýatiýada şi-tsu tohumdan bolan it motorly gaýykda gije-gündizläp diýen ýaly kölde ýeke özi aýlandy. Bu barada «kp.ru» neşiri habar berdi.
Waka Ördekli kölünde boldy, maşgala iki çagasy we iti bilen köldäki suwa düşülýän ýerde dynç alýardy. Erkek kişi Lessi diýen itini ýanyna alyp gaýykly kölde gezelenç etdi. Yzyna dolanyp, kenara golaýlanda, erkek kişi gaýykdan agyp, suwa gaçdy. Ol sag-aman kenara çykdy, emma it gaýykda aýlanmagyny dowam etdi. Eýeleri ony agşama çenli gözlediler, tapman, öýlerine dolandylar.
«Ýaňy öýe girenimizde, jaň geldi. Jaň eden bir gojanyň üsti itli gaýygy kenara çykarandygyny gürrüň berdi. Diýmek, biziň Lessimiz bir gije-gündiz gaýykda gezipdir. Biz dessine ol goja jaň edip, ertesi itimizi almaga bardyk» diýip, itiň eýesi gürrüň berdi.
Görlüp oturylsa, gaýyk ýiten ýerinden 10 kilometrlikde ýangyç gutaryp, kenarda saklanan ekeni. Iti eýeleri aldylar, ol güýçli stresi başdan geçiripdir.
