«Xiaomi» kompaniýasy aňrybaş derejede inçe daşky güýç beriji bilen tanyşdyrdy, ol ykjamlygy we çeýe daşky kabeli bilen tapawutlanýar. 5000 mAç sygymly enjamyň ini 11,8 mm, agramy 110 gram. Bu barada «IT-Home» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berýär.
Täze powerbankyň esasy aýratynlygy onuň bezegidir. Ol ele oňat sygýar we gündelik durmuşda peýdalanmak üçin amatly. Onuň güýç bermek üçin simi hem bar, sim enjamy ýanyňda götermek üçin kemerjigiň hyzmatyny-da ýerine ýetirýär. Simiň berkligi 10 müň gezek eplemek synagy arkaly tassyklandy.
Enjam smartfona 300 gezek doly güýç berlip ulanylandan soňra hem öz ilkibaşky sygymynyň 80 göterimden gowragyny saklamaga ukyplydyr.
«Xiaomi» enjamyň howpsuz ulanmak üçin ýörite sowadyjy ulgam bilen üpjün edilendigini habar berdi.
Täze enjam Hytaýda 25-nji awgustda 130 ýuan baha bilen satuwa çykar.
