«IMDb» portaly 2025-nji ýylyň iň owadan kinoaktrisalarynyň sanawyny çap etdi. Onda awstraliýaly aktrisa zenan Margo Robbi ilkinji orny eýeledi. Ikinji orunda amerikaly aktrisa Şeýlin Wudli ýerleşdi. Üçünji orny hytaýly aktrisa Dilraba Dilmurat eýeledi.
Ilkinji bäşlikde şeýle-de amerikaly aktrisa Nensi Makdoni hem-de Kriti Sanon orun aldylar. Ilkinji onlukda pakistanly Haniýa Aamir, kubaly Ana de Armas, britaniýaly Emma Uotson, türk aktrisasy Hande Erçel ýerleşdiler.
Sanaw tomaşaçylaryň hem-de kino senagatynyň tankytçylarynyň bahalandyrmalary boýunça düzüldi.
