Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew resmi sapar bilen Gyrgyzystana bardy. Ony Manas halkara howa menzilinde ýurduň döwlet Baştutany Sadyr Žaparow garşylady diýip, «MIR 24» habar berdi.
Şu gün – 22-nji awgustda Prezidentler ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirerler. Olar Gazagystan bilen Gyrgyzystanyň Ýokary döwletara geňeşiniň ýedinji mejlisine gatnaşarlar.
