«Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirligi tarapyndan 2025-nji ýylyň başyndan bäri gazyp alan «gara altynynyň» mukdary 680 müň 390 tonna ýetdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Netijede, meýilnamadan daşary çykarylan nebitiň möçberi 49 müň 864 tonna barabar boldy. «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň çäklerinde iş alyp barýan «Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň nebitçileri bu babatdaky meýilnamany 107,91 göterim amal etdiler.
Habarda bellenilişi ýaly, şu günler müdirlik ýerasty önümli gatlaklary senagat taýdan özleşdirmekde daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şeýle-de döwlet konserniniň hyzmat ediş kärhanalary bilen işjeň gatnaşyklarda bolmak bilen, uly göwrümli işleri ýokary derejede alyp barýarlar.
