«EuroMillions» lotereýasyna gatnaşan fransiýaly ýurtda rekord derejedäki utuşyň – 250 mln ýewronyň eýesi boldy. Bu lotereýanyň düzgünlerinde göz öňünde tutulan iň ýokary utuşdyr diýip, «Rambler.ru» habar berdi.
Ýeňiji lotereýadaky iki sany ýörite belgini hem goşmak bilen, ähli ýedi sany bilmegi başardy. Fransiýada henize çenli şeýle uly utuşyň eýesi bolan ýok. Öň ýurduň zenan ýaşaýjysy 2021-nji ýylda 220 mln ýewro utupdy.
«EuroMillions» — bu 2004-nji ýylyň 7-nji fewralynda işe goýberilen milliara lotereýadyr. Onda ilki Beýik Britaniýa, Fransiýa we Ispaniýa gatnaşdy, soňra Awstriýa, Belgiýa, Irlandiýa, Lýuksemburg, Portugaliýa we Şweýsariýa hem goşuldy.
«EuroMillions» ýeňijilere adyny gizlin galdyrmaga rugsat berýär, ondan, adatça, uly utuşlaryň eýeleri peýdalanýarlar.
