Türkmenistanda halkara sergilerine köpden bäri yzygiderli gatnaşýan «Yupekchi» hojalyk jemgyýeti «Kids Expo2025: Hemme zat çagalar üçin» atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasyna gatnaşýar.
Bu çäre 21 – 23-nji awgust aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde (Çandybil köçesi, 143) geçirilýär.
«Yupekchi» kiçijik myhmanlar üçin özüne çekiji we peýdaly içgileri – «Hoşal kids» we «Pokgi» miwe şirelerini hödürleýär. Bu brendler ýörite çagalar üçin döredilýär: olar witaminlere baý bolup, tebigy tagama we häzirki zaman amatly gaplama eýedir, bu bolsa sarp etmegi amatly we ygtybarly edýär.
Sergä gelýänler diňe bir hödürlenýän önümleri synlamak bilen çäklenmän, eýsem, olary kompaniýanyň diwarlygynda dadyp görüp bilerler. Mundan başga-da, «Yupekchi» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri ene-atalara çaganyň sagdyn iýmitlenmegi üçin dogry içgileri nädip saýlamalydygy barada gürrüň bererler.
Önümleriň doly görnüşleri tanyşmak üçin kompaniýanyň resmi saýtynda elýeterlidir: www.yupekchi.com.