Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 20-nji awgustda geçirilen «Çalsana, bagşy!» döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda 14 sany aýratyn tapawutlananlar ýeňiji boldular.
TDH-niň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, olar «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we şu aşakdaky her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy:
1. «Lebiz plastik» hojalyk jemgyýetiniň enjam sazlaýjysy Ahunberdi Mekanowiç Annagulyýew;
2. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň halk aýdym-sazly toparynyň ýolbaşçysy Begmyrat Çarymyradowiç Çarymyradow;
3. Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň bagşyçylyk sungaty bölüminiň bagşy mugallymy Kerwenmyrat Begmyradowiç Orazmyradow;
4. Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň halk saz gurallar bölüminiň dutar mugallymy Amanmuhammet Seýitmuhammedowiç Çaryberdiýew;
5. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby Güýçmyrat Şirmyradowiç Şirmyradow;
6. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Kakajan Annagurbanow;
7. Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Şamyrat Aýmämmet ogly Dawydow;
8. Harby bölümiň harby dirižýory — orkestriň müdiri Gaýgysyz Toýmämmedowiç Geldimämmedow;
9. Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň mugallymy Laçyn Öregeldiýewna Mätgeldiýewa;
10. Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň 4-nji ýyl talyby Gurbanbibi Şirmuhammedowna Hudaýberdiýewa;
11. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Aýnazar Arslan ogly Amanow;
12. Lebap welaýat Medeniýet müdirliginiň Saýat etrabynyň Sakar şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Şamyrat Alymow;
13. Mary welaýat Medeniýet müdirliginiň Ýolöten etrabynyň Goýunjy geňeşligindäki çagalar sungat mekdebiniň bagşy mugallymy Maksat Akynazarowiç Gurbanow;
14. Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň 4-nji ýyl talyby Watan Ýolamanowiç Geldiýew.
«Çalsana, bagşy!» bäsleşigi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde, türkmen halkynyň milli bagşyçylyk we saz sungatyny has-da kämilleşdirmek, täze, döwrebap aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmak, ýurtda gazanylýan uly üstünlikleri wasp etmek, zehinli ýaş bagşy-sazandalary ýüze çykarmak we höweslendirmek maksady bilen geçirilýär.
