Germaniýada agramy 41,3 kilogram bolan ýalpyldawuk zagara balygyny tutdular diýip, ýerli «Bild» neşirine salgylanýan «MIR 24» gürrüň berýär.
Makalada balygy Ýorg Şlegel diýen elektrigiň tutandygy aýdylýar. Balygyň uzynlygy 1,2 metr. Ony balykçy öňki çagyl gazylyp alnan ýerdäki kölden tutupdyr. Balykçy ony tutmak üçin üç aýlap yzarlapdyr.
«Men balygy kenardan 40 metr töweregi uzaklykda aprelden bäri iýmläp geldim» diýip, Şleger gürrüň berýär. Oňa bahardan bäri bu kölde agramy 25 kilogramdan geçýän 12 sany zagara tutmak başardypdyr diýlip, habarda aýdylýar.
