Täze, 2025-2026-njy okuw ýyly mynasybetli Balkan welaýatynda hem mekdep bazarlarynyň işi talabalaýyk derejede ýola goýuldy.
«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, Balkan welaýat Alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň müdiriýetiniň hünärmenleri mekdep okuwçylaryny zerur okuw esbaplary bilen bökdençsiz üpjün etmek maksadyndan ugur alyp, welaýatyň ähli etrap-şäherleriniň bazarlarynda we söwda nokatlarynda jemi 30 sany söwda dükanyny açdylar. Olar häzirki wagtda ir ertirden gijagşama çenli işlemek bilen, ilata göwnejaý hyzmat edýärler.
Habarda bellenilişi ýaly, welaýatyň ähli etrap-şäherlerinde hereket edýän bazarlarda we söwda nokatlarynda mekdep bazarlary ir ertirden gijagşama çenli dowam edýär. Olar häzirki wagtda okuwçylar üçin niýetlenen köýnekleri, aýakgaplary, tahýalary, dürli görnüşli mekdep torbalaryny, depderleri, gündelikleri, galamlary, okuw esbaplaryny we beýleki zerur harytlary alyjylara hödürleýärler.
Harytlaryň köpdürlüligi, ýokary hilliligi we elýeter bahadan bolmagy bu ýere gelýänleri has-da özüne çekýär. Mekdep bazaryndaky harytlaryň taryhy şahsyýetleriň, ýurduň gözel künjekleriniň suratlary bilen bezelmegi has-da guwandyryjydyr diýlip, habarda bellenilýär.
Mekdep bazarlarymyz 10-njy sentýabra çenli öz işini dowam eder.
