Russiýada milli «Max» messenjerini peýdalanyjylaryň sany 18 million adama ýetdi diýip, messenjeriň metbugat gullugy habar berdi. Bu barada «INTERFAX.RU» ýazýar.
Habarda täze messenjerde hasaba durýanlaryň, esasan hem, Moskwada, Sankt-Peterburgda, Krasnodarda, Ýekaterinburgda we Kazanda köpdügi aýdylýar. Şeýle hem messenjer boýunça iberilen 200 mln habaryň, 30 mln töweregi jaňlaryň hasaba alandygy bellenýär. Toparlaýyn çatlaryň sany 700 müňden geçdi diýip, «Max» messenjeriniň metbugat gullugy nygtady.
Milli messenjeri döretmek barada kanun iýunda kabul edildi.
«Мах» messenjeriniň ilkinji platformasy 2025-nji ýylyň martynyň aýagynda peýda boldy, şol wagt ony ulanyjylaryň sany 1 milliondy.
