Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan türkmen, iňlis, rus dillerinde çärýekde bir gezek neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy diýip, TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, žurnalyň ilkinji sahypalarynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dabaraly bellenilen Türkmen bedewiniň milli baýramy, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Türkmen halysynyň baýramy, Bütindünýä welosiped güni, Ylymlar güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlaglary ýerleşdirilipdir.
Žurnalyň täze sanynyň bölümlerinde birnäçe täsirli makalalar okyjylara hödürlenilýär.
Neşir «Ylmy we medeni-durmuş wakalaryna syn» bölümi bilen jemlenýär. Onda Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny berkitmegiň, ýurduň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň abadan durmuşynyň bähbidine gönükdirilen giň gerimli özgertmeler senenamalaýyn tertipde öz beýanyny tapýar.
Ýokary çap usulynda neşir edilen žurnalyň häzirki zaman sungat ussatlarynyň nakgaşlyk eserleriniň we fotosuratlarynyň nusgalary, seýrek muzeý hem-de arhiw maglumatlary, kartografik suratlar bilen bezelendigini bellemek gerek.
Her çärýekde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnaly giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir.
