Lebap welaýat kitaphanasyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyndan we «Galkynyş» kitap merkezinden täze kitaplar gelip gowuşdy. Kitaplaryň arasynda Gahryman Arkadagyň «Hakyda göwheri» atly eseriniň we «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň iňlis dilindäki neşiri hem bar. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, täze kitaplaryň arasynda Ýazmyrat Mämmediniň «Beýik Seljukly» romanynyň 3-nji jilti, Berdi Kerbabaýewiň goşgular we poemalar kitaby, Aman Kekilowyň «Söýgi» romany, Gara Seýitliýewiň goşgular ýygyndysy bar. Şeýle-de «Türkmenistanyň Zähmet kodeksi», «Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksi», «Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksi» (türkmen, rus dillerinde bir kitapda) atly kitaplar gelip gowuşdy.
Täze gelen kitaplar welaýat kitaphanasynyň hünärmenleri tarapyndan işlenilip, kitap gaznasyna tabşyryldy we şäher, etrap kitaphanalaryna paýlanyldy. Kitaplar baradaky maglumatlar kitaphananyň elektron katalogynda, elipbiý we pudaklaýyn kataloglarynda hem ýerleşdirildi.
Kitaphanaçylar täze gelen kitaplary kitap sergileriniň, tanyşdyrylyş dabaralarynyň, synlaryň, söhbetdeşlikleriň üsti bilen wagyz edýärler diýlip, habarda bellenilýär.