Türkmen pälwany Alp Arslan Begenjow şikes alanlygy sebäpli Bolgariýanyň Samokow şäherinde geçirilýän erkin göreş boýunça ýaşlar dünýä çempionatynda (20 ýaşa çenli) bürünç medal ugrundaky teselli beriji ýaryşa çykyp bilmedi.
Bu agram derejesinde dünýä çempiony eýranly türgen Mahdi Ýusefi boldy, kümüş medaly amerikaly Uilýam Henkel gazandy. Bürünç baýraklary russiýaly Said Saidulow we gruzin pälwany Dawit Çeçelaşwili eýeledi.
Begenjiow ýaryşyň ilkinji tapgyrlaryny ynamly geçdi. Başlangyç tapgyrda ol bolgarýaly Iwan Andonowy (11:0) ýeňdi, 1/8 finalda mongol türgeni Gan-Erdene Baatarhuudan (10:0) üstün çykdy. Türkmen pälwany geljekki çempion Mahdi Ýusefi bilen çärýek finalda geçiren duşuşygynda şikes aldy.
Göreş boýunça birleşen guramanyň (UWW) metbugat gullugyndan alnan maglumata görä, tutluşygyň hasaby 1:1 bolanda kriteriýalar boýunça Begenjow egnine şikes ýetenligi sebäpli lukmançylyk wagtyny almaga mejbur boldy. Duşuşyk gaýtadan başlanandan soň eýranlynyň peýdasyna 2:1 hasabynda parterde göreş dowam etdirildi. Ýusefi garşydaşyny öwrüp, iki utuk gazanmagy başardy (4:1), soňra zyňyş tilsimini geçirdi. Begenjow öz zyňyşy bilen jogap berip, yzda galmagyny 6:3 hasaba çenli azaltdy. Ýöne tutluşyk 6:4 hasabynda tamamlanyp, Begenjow garşydaşyndan ýeňildi.
Ýatlap geçsek, geçen ýyl, 2024-nji ýylyň ýaşlar dünýä çempionatynda Begenjow häzirki garşydaşy bolan Ýusefini 10:0 hasabynda ýeňip, Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek ýetginjekleriň arasynda dünýä çempiony bolupdy. Ispaniýanyň Pontewedra şäherindäki ýaryşda ol umumy hasaby 46:0 bolan bäş duşuşygyny kemçiliksiz geçirip, hiç kime bir utuk hem gidermändi.
/Birinji abzasdaky jümle düzedilip gaýtadan berilýär, dogrysy - alan şikesi sebäpli bürünç medal ugrundaky teselli beriji ýaryşda çykyş edip bilmedi/
