Dubaýyň polisiýasyna agramy 21,25 karat we bahasy 25 million dollar bolan seýrek gülgün göwheriň ogurlygynyň öňüni almak başartdy. Bu barada Emirligiň WAM habarlar agentligi habar berdi.
Hukuk goraýjylar seýrek daşy ogurlamagy bir ýyl bäri meýilleşdirip gelýän topary tussag etdiler.
Bilermenleriň sözlerine görä, bu göwher öňdebaryjy gemmologik institut tarapyndan güwänamalaşdyrylyp, diýseň durudyr. 21,25 karatlyk şeýle arassa göwheri tapmak ähtimallygy dünýäde 0,01 göterime deň diýlip, habarda bellenýär.
