Taryhda iň gymmat asman daşynyň (meteroidiň) töwereginde gopgun döredi – Nigeriýanyň häkimiýetleri ony ogurlanan diýip, yglan etdi. Bu barada «Komsomolskaýa prawda» neşirine salgylanýan «news.rambler.ru» habar berdi.
Ýagny agramy 25 kilogram asman daşy «Sotheby’s» auksion öýünde 5,3 mln dollara satyldy. Alymlaryň çaklamasyna görä, ol haçanda bolsa bir wagt Marsdan bölünip, Niger afrikan döwletiniň çägine gaçypdyr.
Söwdalaşykdan soňra Nigeriň häkimiýetleri asman daşynyň ýurtdan bikanun çykarylandygyny, ýagny ýerli kanuna laýyklykda, seýrek mineral nusgalaryň milli gymmatlykdygyny yglan etdiler. Şunda kanunda meteorit nusgalarynyň şeýle gymmatlyklara degişlidigi anyk däl diýlip, habarda bellenýär.
«Sotheby’s» söwda öýüniň wekilleri auksionyň ähli kanunlara laýyklykda geçirilendigini, asman daşynyň halkara dilere berlendigini nygtaýarlar. Emma dilerleriň, şeýle-de meteoridiň täze eýesiniň atlary görkezilmeýär.
