Awstraliýanyň iri «Qantas» awiakompaniýasyna işgärlerini bikanun işden boşadandygy üçin 58,6 mln dollar möçberde jerime salyndy diýip, ABC teleýaýlymyna salgylanýan TASS habar berdi.
Ýurduň federal kazyýetiniň çözgüdine laýyklykda, «Qantas» COVID-19 ýokanjy döwründe işgärlerini bikanun işden boşadandygy üçin 90 mln awstraliýa dollary (58,5 mln amerikan dollary) möçberde iň uly jerime tölär.
2020-nji ýylda awiakompaniýa goş ýükçülerini we tam süpürijileri hem goşmak bilen, 1820 işgäri işden boşadypdyr. Kazyýet kompaniýanyň bu hereketi barada bikanun diýip çözgüt çykardy.
