Russiýalylar 2025-nji ýylyň iýulynda öňdäki iýun aýy bilen deňeşdirilende, täze awtoulag satyn almaga has köp pul sarp etdiler, görkeziji agzalan aýdakydan 35,5 göterim köp diýip, ýurduň «Gazprom awtolizing» edarasynyň we «Awtostat» agentliginiň täze barlaglarynyň netjesine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
«Tomsuň ortasynda russiýalylar täze awtoulag satyn almaga 389,7 milliard rubl sarp etdiler, bu öňdäki aýdakydan 35,5 göterim köpdür (iýunda – 287,7 mlrd rubl)» diýlip, habarda aýdylýar.
Mundan öň «Awtostat» edarasynyň ýolbaşçysy Sergeý Selikow pikir soraşma geçirip, Russiýada täze ýeňil awtoulaglara islegiň pese gaçmagyny pikiri soraşylanlaryň 63 göteriminiň tassyklamagyna görä, banklardaky ýokary stawkalar bilen düşündirdi. Ikinji sebäp hökmünde ilatyň umumy ykdysady ýagdaýlar bilen baglylykda, satyn alyş ukybynyň peselmegi görkezilýär (pikiri soraşylanlaryň 43 göterimi). Russiýalylaryň ýene 25 göterimi islegiň gaçmagyny dünýä awtobrendleriň Russiýa dolanmagyna garaşmak bilen baglaýar diýlip, habarda bellenýär.
