Şu hepdede Türkiýäniň sebitleriniň birnäçesinde adatdan daşary yssy howa garaşylýar, meteorologlar şunuň bilen baglylykda, ýerli ýaşaýjylara Gün urma we ýangyn howpy barada duýdurdylar. Bu barada «Sabah» neşirine salgylanýan «MIR 24» habar berdi.
Çaklamalara görä, ýurduň merkezi we gündogar böleklerinde howanyň temperaturasy ortaçadan ýokary bolar. Günorta-Gündogar Anadolyda we Ortaýer kenarýakalarda howa 40 gradusa çenli gyzar. Stambul, Izmir we Ankara şäherlerinde-de howa gyzar hem-de 36 gradusa ýeter.
Şunuň bilen birlikde, Gara deňziň içki etraplarynda we Gündogar Anadolynyň aýratyn zolaklarynda gysga wagtlaýyn ýagyş ýagar, kä ýerlerde tupan turmagy mümkin diýlip, habarda aýdylýar.
