Mary şäherindäki Pesto – Datly Eller restorany sizi doglan günleriňizi we beýleki möhüm wakalaryňyzy öz rahat hem oňaýly tomusky terrasasynda bellemäge çagyrýar. Bu ýer datly tagamlardan we arassa howadan lezzet alyp, baýramçylyk günüňizi ýakymly ýagdaýda geçirmek isleýänler üçin iň amatly ýerdir.
Myhmanlara dürli tagamlardan iň göwne ýaranlaryny saýlamak mümkinçiligi döredilýär — şireli et we balyk hem-de beýleki del tagamlardan başlap, täze bişirilen çörekler, dürli meze tagamlary we däp bolan türk desertlerine çenli hödür edilýär. Mangalda taýýarlanylýan tagamlar aýratyn meşhurlykdan peýdalanýar, şeýle hem restoran 21 görnüşli meşhur türk pahlawasyny öz müşderilerine teklip edýär. Restoranda siz romantik agşamy, iş duşuşygyny geçirip ýa-da dostlaryňyz bilen ýygnanyşyp, rahat hem ýakymly gurşawda agşamlyk edinip bilersiňiz.
Restoran «Şapak» ýaşaýyş toplumynda, «Altyn asyr» aýlaw ýolunyň ýanynda ýerleşýär.
Stoly sargyt etmek üçin şu telefon belgilerine jaň ediň: +993 522 5-53-77, +993 522 5-53-88, +993 71 10-10-55, +993 63 39-99-39
Şeýle hem şu elektron poçta arkaly ýüz tutup bilersiňiz: restoranpesto@gmail.com
Täzelikler we arzanladyşlar bilen tanyşmak üçin restoranyň sosial ulgamdaky sahypasyna göz aýlap duruň.
