Türkiýede ýanýan tirkegli ýük ulagy 8 kilometr menzili geçdi. Onuň tirkegindäki himikatlar we reňk ot aldy diýip, «SHOT» telegram-ýaýlymyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
«Waka Samsun-Ankara ýolunda boldy. Ýerli habar beriş serişdeleriniň ýazmagyna görä, ulagy Azerbaýjanyň raýaty Jamaladdin Mamadow dolandyrýardy. Ýangyn ol beýleki ulag bilen çaknyşandan soňra döredi. Ýanýan tirkegli ýük ulagy 8 kilometri geçdi, ol diňe germewe baryp urlandan soňra saklandy. Ýük ulagynyň sürüjisi ejir çekmedi» diýip, ady tutulan ýaýlym habar berýär.
