Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky çabgalar we sil joşmalary sebäpli, iki günde azyndan 344 adam pida boldy, 32 adam dereksiz ýitdi. Bu barada «Geo» portalyna salgylanýan TASS habar berdi.
Ýurduň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça edarasynyň maglumatlaryna laýyklykda, Haýber-Pahtunhwa ülkesinde iň köp adam pidalary hasaba alyndy, Owganystan bilen serhetleşýän bu ülkede 328 adam gurban boldy. Tebigy heläkçilik, esasan hem, Buner, Swat, Mansehra, Bajaur we Battagram okruglaryna zyýan ýetirdi, suw akymlary ýüzlerçe öýi syryp-süpürdi, elektrik geçirijileri üzüldi, ýollar, köprüler we beýleki infrastruktura binalary ýykyldy ýa-da zeper ýetdi. Etraplaryň köpüsinde ykjam aragatnaşyk işlemeýär. 3,8 müň töweregi ýerli ýaşaýjy göçürildi. Halas ediş işlerine 2 müňden gowrak adam gatnaşýar.
Pakistanda musson ýagyşlary möwsümi iýundan sentýabra çenli dowam edýär, ol oba hojalyk üçin möhüm bolan kän ygal getirýär. Emma seýrek bolmadyk halatlarda güýçli sil joşmalaryna we beýleki tebigy heläkçiliklere sebäp bolýar.
