Beýik Britaniýanyň onkologiýa (düwnük) keseli bilen göreşýän Patyşasy Karl III saglygy güýçli ýaramazlaşdy diýip, habarly çeşmelere salgylanýan «Radar Online» portaly habar berýär.
«Patyşa agyr, emma umytsyz keseli bilen göreşýär» diýlip, habarda bellenýär.
2024-nji ýylyň fewralynda Bukingem köşgi Patyşanyň keseli barada resmi habar berdi. Karl III ähli borçlaryny berjaý edýär, emma köpçülikde seýrek görünýär.
Patyşa himiki bejergiden ýüz öwrüp, dermanlyk ösümlikler arkaly bejergi alýar.
