Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian şu gün – 18-nji awgustda Belarussa we Ermenistana sapar bilen barar diýip, onuň syýasy geňeşçisi Mehdi Sanai habar berdi. Bu barada «INTERFAX.RU» ýazýar.
«Pezeşkian duşenbede Ermenistana we Belarusa iki günlük sapar eder. Saparyň maksady – bu ýurtlar bilen esasan hem, söwda ulgamynda gatnaşyklary berkitmek hem-de resminamalara gol çekmekdir» diýlip, geňeşçiniň sosial tordaky sahypasynda bellenýär.
