16-17-nji awgustda Aşgabatda Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň kubogy ugrunda ýaryşy geçirildi. Oňa paýtagtdan we Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan 7 — 18 ýaş aralygyndaky 170-den gowrak türgen gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Türkmenistanda Koreýa Respublikasynyň ilçisiniň kubogy ugrundaky ýaryş 2010-njy ýyldan bäri geçirilýär. Häzirki wagtda ýurtda taekwondo bilen meşgullanýan 500 töweregi adam bar. Ýaryşda Mary welaýatyndan gelen wekiller medallaryň agramly bölegine mynasyp bolup, taýýarlygynyň güýçlüdigini subut etdiler. Paýtagtly türgenler hem medallaryň birnäçesini eýelediler.
Ilçiniň kubogy ugrundaky ýaryş hakyky sport festiwalyna öwrüldi. Iki gün dowam eden bu ýaryşda diňe bir sport oýunlary däl, eýsem köp sanly medeni çäreler hem geçirildi. Mundan başga-da, tälimçileriň we türgenleriň hünärlerini ýokarlandyrmak üçin möhüm mekdep boldy.
