Nýu-Jersiniň ýaşaýjysy bolan zenan garbanyşhanada özüniň we gyzynyň tötänden mermer stoly ýykyp döwendikleri üçin bikanun saklanandygyny habar berdi. Stol 1600 dollar bahalanýar diýip, «rg.ru» ýazýar.
Waka Lawallettdäki «Hazelnut» kafesinde boldy. Gözegçilik kameralarynda ejesi Keti Denman kofe we buzgaýmak üçin töläp duran wagty kiçijik gyzyň aýagy bilen stoly depýändigi görünýär. Netijede, 40 kilogramlyk stol ýykylyp, döwülýär. Denman kafeniň menejerleriniň öweztölegini talap edip, özlerine kafeden çykmaga ýol bermändiklerini gürrüň berdi.
«Hazelnut» kafesi bu wakadan soňra ähli gymmatbaha stollary aýrandygyny habar berdi.
