Ýaponiýadaky Rausu ýanardagynyň golaýynda goňur aýy jahankeşdelere hüjüm etdi. Olaryň birini dostunyň gözüniň alnynda tokaýa süýräp alyp gitdi, onuň ykbaly belli däl diýip, «360» habar berdi.
Ýigrimi ýaşly syýahatçy Hokkaýdo prefekturasynyň polisiýasyna ýüz tutdy. Ýaş ýigidi halas etdiler, emma onuň ýoldaşyny tapmak başartmady.
Rausu ýanardagy Sirekoto ýarymadasynda ýerleşýär we ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigat mirasynyň sanawyna girýär. Soňky aýda ol ýerde adamlaryň birnäçe gezek aýylara duş gelendigi, emma ýyrtyjylaryň jahankeşdelere hüjüm etmändigi habarda bellenýär.
