Perl atly (asyl nusgada Pearl, Merjen diýlip terjime edilýär) towuk häzirki wagtda dünýäde ýaşaýan towuklaryň arasynda iň uzak ýaşlysy diýlip ykrar edildi, 22-nji maýda onuň 14 ýyl 69 gün ýaşy doldy diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berilýär.
Deňeşdirmek üçin: öý towuklarynyň ortaça ömür dowamlylygy üçden on ýyla deňdir.
Rekordçy-towugyň eýesi Soni Hallyň sözlerine görä, Merjeniň bir gezek penjesi ýenot hüjüm edip, döwülipdir, ol guragyrydan ejir çekýär, garamykdan henizem aýňalanok.
Merjen 2011-nji ýylyň 13-nji martynda Hallaryň Litl-Elmadaky towuk inkubatorynda doglan. Ol ilkiler beýleki towuklar bilen ýaşapdyr, emma garransoň, onuň üçin kir ýuwulýan otagda özbaşynda ýer ýasapdyrlar. Öý guşy käte myhman otaga baryp, telewizora «tomaşa etmegi» halaýar. Garradygyça, Merjen ýumurtga bermegini azaltdy, ýöne ýaş rekordy resmi hasaba alnan güni bir ýumurtga berdi diýip, öý bikesi gürrüň berýär.
Guş her gün arassa howada gezim edýär, ýöne yssy howada demigip başlaýar. Merjen o diýen oňat ýöremeýär, her niçigem bolsa, käte howluda ikiýana ýortmaga haly bar. Ony ter ysmanak, miweli we hozly işdäaçar, ýörite towuklar üçin iýmit bilen naharlaýarlar.
