Hytaýyň günorta Guandun ülkesindäki «Insta360» kameralaryny öndüriji kompaniýa öz işgärleri üçin «Horlan we pul gazan» höweslendiriş maksatnamasyny işe goýberdi. Onuň düzgünleri örän ýönekeý: her horlanan 500 gram üçin kompaniýa 500 ýuan (70 dollar) tölemekçi, emma munuň ters tarapy-da bar: her artykmaç 500 gram üçin işgäriň özi 800 ýuan (112 dollar) jerime tölemeli. Bu barada ýurduň «City News Service Shanghai» neşiri habar berdi diýip, «rbc.ru» gürrüň berýär.
Häzir hiç kime jerime salnanok, gaýtam maksatnama 99 işgär goşuldy, olar jemi 950 kilogram taşladylar we umumy 1 million ýuan (139 389 dollar) gazandylar.
«Insta360» kompaniýasy başlangyjyň işgärleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge hem-de durmuşa we işe oňyn garaýşy terbiýelemäge gönükdirilendigini habar berdi.
Ylmy barlaglar 2023-nji ýylda Hytaýda uly ýaşly raýatlaryň 57 göteriminiň artykmaç agramlydygyny görkezdi.
Eger semizlige garşy çynlakaý çäreler görülmese, ýurtda 2030-njy ýylda ulularyň arasynda semizligiň 65 göterime ýetjekdigi, netijede, saglyga goraýşyň çykdajylarynyň 418 mlrd ýuana deň boljakdygy habarda bellenýär.
