15-nji awgustda P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň Rahmaninow zalynda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişiň 80 ýyllygy, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, şeýle hem 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly dabaraly türkmen-rus konserti geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, «Dostlary jemleýäris» atly XIX Halkara aýdym-saz festiwalynyň çäklerinde geçirilen aýdym-sazly dabara Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň hem-de «Dutaryň owazy» gaznasynyň ýardam bermeginde «Dünýäniň saz medeniýetleri» ylmy-döredijilik merkezi tarapyndan guraldy. Taslamanyň awtory – Moskwanyň N.Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» atly türkmen nusgawy sazynyň her ýylky halkara festiwalynyň esaslandyryjysy we sungat müdiri, kompozitor M.Guseýnow.
Dabaraly çärä Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň, Moskwada akkreditirlenen diplomatik korpusyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we işgärleri, rus döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň wekilleri, Moskwa şäheriniň köp sanly ýaşaýjylary we myhmanlary, şeýle hem KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.
Konsert maksatnamasy belli saz öwrenijileriň we mugallymlaryň täsirli umumy sapagy bilen açyldy. Myhmanlaryň öňünde sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Sazyň nazaryýeti kafedrasynyň dosenti E.Osipowa hem-de russiýaly dirižor, hormeýster, Russiýanyň teatr sungaty institutynyň (GITIS) uly mugallymy E.Wolkow çykyş etdiler.
Dabaraly konsertiniň maksatnamasyna N.Halmämmedowyň, Ç.Nurymowyň, W.Bogdanow-Berezowskiýniň, A.Mosolowyň, M.Waýnbergiň, K.Wolkowyň, M.Guseýnowyň wokal we instrumental eserleri, şeýle hem türkmen we rus halk eserleri girizildi.
Bilelikde ýerine ýetirilen ajaýyp aýdymlar we kompozisiýalar parahatçylyga, dost-doganlyga hem-de agzybirlige bagyşlandy. Tomaşaçylar ähli eserleri şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
Konsert zalynyň eýwanynda kitaplaryň we suratkeşleriň eserleriniň sergisi hem ýaýbaňlandyryldy diýlip, habarda bellenilýär.
