Ýewropadaky görülmedik yssy Albaniýada, Horwatiýada, Türkiýede, Ispaniýada, Çernogoriýada güýçli ýangynlaryň döremegine getirdi. Adamlary göçürýärler, ot giden ilatly ýerleri ýok edýär. Awgustyň başyna çenli ýangyn 350 müň gektar tokaýlary ýok etdi, bu geçen ýyldakydan iki esse kändir diýip, «MIR 24» teleýaýlymynyň habarçysy Anastasiýa Lihodedowa gürrüň berýär.
Ýangyn Italiýadaky Wezuwiý milli seýilgähi gurşady, ony eýýäm üç gün bäri öçürip bilmeýärler. Oda garşy alty uçary we dört dikuçary peýdalanýarlar.
Geçen ýyl ýarym million adam baran bu meşhur jahankeşdelik ýeri ýapyldy. Tokaý ýangynlary täsin künjegiň eýýäm 500 gektardan-da köp ýerini ýok etdi.
Ispaniýada ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň obýekti bolan Las-Medulas milli seýilgähi ýanýar. Bu ýerde gadymy rim altyn käni ýerleşýär. Eger ody saklamasaň, taryhy ýadygärlik ýok bolar.
Ispaniýanyň günbatarynda-da ýangynlar möwjeýär, üç şäher howply zolakda galdy. On müňlerçe adam öýlerini gyssagly terk etmeli, emmä käbirleri gitmekçi däl, olar ýangyn söndürijilere kömek etmäge çalyşýarlar.
Ewanjelina Peral, ýerli ýaşaýjy: «Biz halys biçäre galdyk. Kimem bolsa, biriňiz kömek ediň, sebäbi biz ýanýarys. Haýyş edýäs, kömek ediň».
Türkiýede ot ýaşaýyş öýlerini gyratlap süýşüp gelýär. Onlarça bina, ulaglar ýanyp, kül boldy. Ýüzlerçe adam, şol sanda uniwersitet talyplary, harbylar göçürildi. Ellä golaý adam tüsseden ejir çekdi.
Jengiz Baty, Çanakkalanyň ýaşaýjysy: «Bu elhenç. Biz öň beýle zady görmändik. Öýlerimiz, ulaglarymyz – barysy ýandy. Hudaýyň özi garaşyk etsin-dä».
Habarda Gresiýada, Horwatiýada, Albaniýada, Çernogoriýada, Portugaliýada tokaý ýangynlarynyň müňlerçe gektar meýdany ýakyp küle öwrendigi gürrüň berilýär.
Ýewropa yklymynda ýangynlar gitdigiçe güýjär. Munuň sebäbi – güýçli şemal we käbir ýerde 50 gradusa ýetýän jokrama yssy diýip, bilermenler aýdýarlar.
