Çehiýaly telealypbaryjy hem-de balykçy, «Balykçy urşujy» gepleşiginiň awtory Ýakub Wagner ýurduň Wranow suw howdanynda uzynlygy 2 metr 68 santimetr bolan lakga balygyny tutdy diýip, «The Sun» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
4-nji awgustda Wagner gaýaly kenarýaka suwda mähnet balygy görüp, öz sözlerine görä, «ýaýyn balyk bilen iň agyr söweşe» giripdir.
«50 minuda golaý wagtdan soňra ol heniz doly ýadamadyk halda meniň gaýygymyň ýanynda ýatdy. Men bolsa halys ýadawdym» diýip, balykçy gürrüň berdi.
Lakga balyk bilen fotosurata düşenden soňra ol awuny yzyna – howdana goýberdi.
