Awstraliýaly alym Karl Kruşelniskiý Bermud üçburçlugynyň syryny açandygyny habar berdi diýip, «Popular Mechanics» žurnalyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
Kruşelniskiniň pikirine görä, bu sebitde gämileriň we uçarlaryň ýitmeginde hiç hili syr ýok. Onuň hasaplamalaryna laýyklykda, Bermud üçburçlugynda ýitýän gämileriň we uçarlaryň paýy dünýä ummanynyň beýleki etraplarynda ýitýän gämileriňdir uçarlaryň ortaça statistiki görkezijilerinden tapawutlanmaýar.
Alym bu etrapda gämileriň, uçarlaryň yzygiderli ýitirim bolýandygyny inkär etmeýär. Emma onuň pikiriçe, ýagdaý Bermud üçburçlugynda hereketiň köpdügi, netijede, zolagyň gämiçilik we awiasiýa üçin çylşyrymlylygy bilen baglydyr.
Bermud üçburçlugy Atlantik ummanyndaky Florida, Bermud adalary hem Puerto-Riko bilen serhetleşýän ýerdir. Köp ýaýran pikire görä, bu etrapda gämiler we uçarlar düşündirip bolmaýan tizlikde ýitirim bolýar. Muňa 1945-nji ýylda bu ýerde bäş sany amerikan harby uçarynyň ýitirim bolmagyny mysal görkezmek bolar.
