Hytaýda iýul aýynda awtoulaglaryň satuwy ýyllyk aňlatmada 14,7 göterim artdy diýip, Hytaýyň awtoulag öndürijileriniň assosiasiýasy (CAAM) habar berdi. Bu barada «INTERFAX.RU» ýazýar.
Şunda täze ýangyç çeşmelerindäki awtoulaglaryň (NEV) satuwy 27,4 göterim köpeldi.
CAAM edarasynyň habaryna görä, 2025-nji ýylda ýurtda awtoulag satuwlary 32,9 mln birlige deň bolar we bu geçen ýylyň görkezijilerinden 4,7 göterim köpdür. Şol sanda täze ýangyç çeşmelerindäki ulaglaryň sanynyň 16 mln birlige çenli köpeljekdigi çaklanýar.
