Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan dalaşgärleri alty ugur boýunça 2 ýyllyk okuw maksatnamasy boýunça okamaga çagyrýar.
Resminamalaryň kabul edişligi 2025-nji ýylyň 18-nji awgustyna çenli dowam edýär.
Geljekki talyplar üçin teklip edilýän hünärler:
- «Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş»;
- «Buhgalterçilik hasaba alnyşy»;
- «Jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy»;
- «Daşky gurşawy goramak we tebigy miras»;
- «Myhmanhana hyzmatlary»;
- «Syýahatçylyk hyzmatlary».
Dalaşgärler ýurdumyzyň ähli sebitlerinden kabul edilip, olar umumyýaşaýyş jaýy bilen üpjün ediler.
Resminamalar şu salgyda kabul edilýär: Aşgabat şäheri, Berkararlyk etraby, Mämmet Gurbanow köçesi (2105/5), j. 33.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 76-75-15, 76-74-14, 76-75-05
Goşmaça maglumatlar syyahatohom.edu.tm resmi sahypasynda ýerleşdirilendir.
