Geçen ýekşenbe agşamy Awstraliýanyň asmanyndan uly otly şar uçup geçdi we ýaryldy. Bu barada «ABC News» teleýaýlymy habar berdi diýip, «pogoda.mail.ru» ýazýar.
Asman jisimi Awstraliýanyň Wiktoriýa ştatynyň köp bölegini uçup geçdi. Howanyň aşaky gatlaklaryna aralaşanyndan birnäçe sekunt soňra ol asmanda partlap, güýçli otly şary emele getirdi. Alymlar asman daşyň (meteoroidiň) käbir bölekleriniň Ýere düşen bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar. Waka şaýat bolanlaryň gürrüňlerine görä, ses urgusy şeýlebir güýçli bolupdyr welin, öýler edil ýer titrän ýaly yraň atypdyr.
