Güýçli guraklyk hem-de goňşy ýurtlardan akyp gelýän suwuň derejesiniň azalmagy sebäpli, Yrak suw gytlygyny başdan geçirýär. Bu barada ýurduň oba hojalyk ministri Mahdi Damad habar berdi diýip, «ria.ru» ýazýar.
«Içimlik suwuň üpjünçiliginiň kynlaşmagy we ýerasty suwlaryň gorlarynyň azalmagy ülkede çynlakaý howp döredýär. 2019-njy ýylda ätiýaçlyk gorlary ygal netijesinde, 65 milliard kubmetre deň bolupdy... Häzir goňşy döwletlerden (Eýrandan we Türkiýeden) suw az akyp gelýär, ýagyş bolsa az» diýip, ministr belledi.
Munuň üçin Yraga ýurdy doly möçberde suw bilen doly üpjün etmekde goňşular bilen gepleşikleri geçirmekde ygtyýarly topar döretmek gerek.
Yragyň häkimiýetleri emele gelen ýagdaýy diňe tebigy şertler bilen däl, eýsem, ýaşaýyş üçin möhüm bolan Tigr hem-de Ýewfrat derýalarynda Türkiýe we Eýran tarapyndan gurlan bentler bilen baglaýarlar. Öň Yragyň suw gorlary ministri Aun Diab suwuň rekord derejedäki az gorlarynyň oba hojalyk pudagy üçin uly kynçylyklary döretjekdigi barada duýdurypdy.
