Meşhur ispan aktýory Antonio Banderas düýn – ýekşenbede 65 ýaşady, ol heniz pensiýa çykmakçy däldigini yglan etdi.
«Men 20 ýaşymdakam, 65 ýaşymda elim pişekli gezerin öýdýärdim. Lukmanlar heniz-ä saglyk ýagdaýymyň gülala-güllükdigini aýdýarlar. Öňler 65 ýaşda pensiýa çykardylar. Men saz çalmagy öwrenmekçi, şonuň üçin pianino hem satyn aldym» diýip, aktýor «Pais» gazeti bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Banderas şeýle-de 2017-nji ýylda ýürek tutgaýyny geçirendigini, onuň durmuşa we saglyga bolan garaýşyny özgerdendigini-de ýatlady.
Hose Antonio Dominges Bandera 1960- njy ýylda Ispaniýanyň Malaga şäherinde doguldy. «Zorranyň nikaby», «Içalylaryň çagalary», «Meniň ýaşaýan derim» ýaly onlarça filmde baş keşbi janlandyrdy. Ol birnaçe abraýly kino baýraklarynyň eýesidir. Banderas şeýle-de filmlere režissýorlyk edýär.
