«Şabab Al-Ahli» futbol klubunyň hüjümçisi Serdar Azmun 2024/25 möwsüminde BAE-niň Ýokary ligasynyň iň gymmatly oýunçysy diýlip yglan edildi we «Altyn top» baýragyna mynasyp boldy.
Geçen möwsümiň iň gowy futbolçylaryny sylaglamak dabarasy Birleşen Arap Emirliklerinde geçirildi. Azmun «Şabab Al-Ahli» klubuna çempionlyk gazanmaga kömek edip, liganyň iň ýokary şahsy baýragyny aldy.
Geçen möwsümde BAE-niň çempionatynda asly türkmen bolan eýranly hüjümçi 21 duşuşyk geçirip, 11 gol geçirdi we 6 netijeli pas berdi. Umuman, Azmun «Şabab Al-Ahli» üçin ähli ýaryşlarda 39 oýna gatnaşyp, 26 gol geçirip, 10 gezek hem gola getiren netijeli pas bilen tapawutlanmagy başardy.
Serdar Azmun Eýranyň milli ýygyndysynyň düzüminde çykyş edýär we toparyň öňdebaryjy hüjümçileriniň biri hasaplanýar.
