Honsýu adasynyň günbatarynda we oňa galtaşýan günorta-günbatar Kýusýu adasynda ýaşaýan 309 müňe golaý ýaponiýaly sil joşmalarydyr süýşgünler bilen bagly göçmek barada görkezme aldy. Bu barada ýurduň NHK teleýaýlymy habar berdi diýip, TASS ýazýar.
Žurnalistleriň habaryna görä, tebigat heläkçilikleri güýçli ýagynlar netijesinde döräp biler. Habarda ilkinji nobatda, esasan, daglyk etraplardaky ilatly ýerlerden ýaşaýjylaryň göçürilmelidigi aýdylýar. Olar aýratyn hem garry adamlardyr. Mysal üçin, howpsuz ýerlere göçmek ýaşy 65-den ýokary bolan adamlaryň 227 müňüsine maslahat berildi, olar Kýusýu adasynyň Kagosima prefekturasynda ýaşaýarlar.
Güýçli çabgalar sebäpli Hirosima we Fukuoka şäherleriniň arasynda tiz otlularyň hereketi togtadyldy. Osaka bilen Tokionyň arasyndaky otly gatnawlarynda-da bökdençlikler bar.
